
27-28-nji aprelde «Zähmet bazarynyň geljekki isleglerini göz öňünde tutup, IT-hünärmenlerini taýýarlamagy ösdürmek» atly Forsat-sessiýasy (Foresight session) geçirildi. Çäre ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan «Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi» we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň gazananlary» (Junior Achievement Turkmenistan) jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem «Maslahatly Çözgüt» we «Ekspert Konsalting» hususy kärhanalarynyň işjeň gatnaşmagynda guraldy.
Ýurduň 2026–2028-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryny we iş berijileriň häzirki hem-de geljekki isleglerine laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenlere bolan mätäçligini göz öňünde tutanyňda, bu çäräniň geçirilmegi örän wagtynda ädilen ädimdir.
Maslahatlaşmalaryň seljeriş binýadyny kemala getirmek üçin sessiýanyň öňüsyrasynda iş berijileriň arasynda ýörite barlaglar, soragnamalar we interwýular geçirildi. Bu barlaglar zähmet bazarynyň IT-hünärmenlerine bolan talaplaryny we häzirki meýilleri has düýpli öwrenmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem zähmet bazarynyň häzirki ýagdaýynyň deslapky seljermesi we Türkmenistanyň okuw mekdepleriniň IT-ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlaýyş derejesine syn taýýarlandy.
Çäräniň esasy maksady bilim edaralaryndaky IT-taýýarlyk bilen zähmet bazarynyň talaplarynyň arasyndaky tapawudy ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Hususy pudagyň wekilleri IT-ugurlarynyň uçurymlarynda nähili esasy ukyplary we bilimleri görmek isleýändikleri barada çykyş etdiler hem-de bilim edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna girizilmeli üýtgeşmeleri maslahatlaşdylar.
Guramaçylar bilermenleriň açyk söhbetdeşligini guramak üçin «Akwarium», «Dünýä kafesi» ýaly täze we döwrebap maslahatlaşma usullaryny ulandylar. Bu bolsa hödürlenýän çözgütleriň ähmiýetini we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini netijeli bahalandyrmaga şert döretdi.
Forsat-sessiýasynyň dowamynda bilim ulgamynyň, işewürligiň we ýaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki maslahatlar zerur üýtgeşmeleriň «Ýol kartasyny» işläp düzmäge mümkinçilik berdi. Bu resminama Türkmenistanyň Bilim ministrligine we beýleki degişli guramalara hödürlener. Resminamada üýtgeşmeleri durmuşa geçirmegiň anyk ädimleri görkezilip, aşakdakylar kesgitlendi:
Jogapkär şahslar we guramalar;
Amala aşyrmagyň takmynan möhletleri;
Zerur bolan serişdeler;
Netijeliligiň esasy görkezijileri (KPI).
«Ýol kartasynda» şeýle hem bilim ulgamy bilen işewürligiň hyzmatdaşlygynyň täze görnüşleri, amalyýete gönükdirilen bilimi güýçlendirmek we beýleki birnäçe täzelikler hödürlenýär.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, Forsat-sessiýalarynyň yzygiderli geçirilmegi zähmet bazaryndaky üýtgeşmeleri hemişe yzarlamaga we döwrebap, professional hünärmenleri taýýarlamak işine wagtynda düzedişler girizmäge ýardam eder.
Keywords