Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty maglumat tehnologiýalary, aragatnaşyk ulgamlary we kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin 2026/2027-nji okuw ýylyna okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw ugurlary
Institutda hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar:
- Hünärmen maksatnamasy: Programma inženerligi, maglumat howpsuzlygy, aragatnaşyk torlary, radioaragatnaşyk we telewideniýe, awtomatlaşdyrma we ykdysadyýet.
- Bakalawr maksatnamasy: Awtomatlaşdyrma we amaly informatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar; 1 ýyl dil taýýarlygy + 4 ýyl hünär okuwy).
Resminamalary kabul etmek
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.
Giriş synaglarynyň tertibi
Giriş synaglary Aşgabat şäherinde döwlet dilinde dilden geçirilip, matematika, fizika we Türkmenistanyň taryhy derslerini öz içine alýar. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:
- Ahal welaýaty: 29-30-njy iýul, 2-nji we 4-nji awgust;
- Aşgabat we Arkadag şäherleri: 31-nji iýul — 1-nji awgust, 3-nji, 5-6-njy awgust;
- Mary welaýaty: 7-nji, 10-njy we 12-nji awgust;
- Lebap welaýaty: 8-9-njy, 11-nji we 13-nji awgust;
- Daşoguz welaýaty: 14-nji, 16-njy we 18-nji awgust;
- Balkan welaýaty: 15-nji, 17-nji we 19-njy awgust.
Iňlis dilinde okadylýan "Awtomatlaşdyrma we amaly informatika" ugry boýunça synagy üstünlikli tabşyranlar iňlis dili boýunça goşmaça söhbetdeşlikden geçmelidirler.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Oguz han köçesi, 13. Telefon belgileri: 49-35-86, 49-44-21.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.