
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden we orta hünär tehniki okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dangara etrabynda geçirilen “Täjigistan-2026” atly hünär başarnyklary boýunça halkara forumyna gatnaşdy. 27-30-njy maý aralygynda guralan bu çäre ýaş hünärmenleriň amaly başarnyklaryny görkezmek, hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmak, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän kadrlary taýarlamak ulgamyny ösdürmek hem-de sebitara we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guraldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, forumyň dowamynda häzirki zaman hünär-tehniki bilim maksatnamalary, hünär başarnyklaryna baha bermegiň halkara tejribesi, bäsleşige ukyply ýaş hünärmenleri taýarlamak, okuw-önümçilik işini kämilleşdirmek we iş berijiler bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly meseleler ara alanyp maslahatlaşyldy. Esasanam, ýaşlaryň energetika, gurluşyk, önümçilik, hyzmatlar, ulag we logistika, döredijilik hem-de dizaýn ugurlary boýunça hünär taýarlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Forumyň birinji gününde gatnaşyjylar hünär bilimini ösdürmek, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak baradaky çykyşlary diňlediler we özara tejribe alyşdylar. Şeýle hem forumyň meýilnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar Nurek gidroelektrostansiýasyna baryp gördüler. Bu gezelenç ýaş hünärmenlere elektrotehnika, energetika, gurnaw-gözleg (şepleşik) işi we tehniki hyzmat ediş ýaly ugurlaryň önümçilikdäki amaly ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Çäräniň ikinji gününde Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzstan, Gazagystan, Türkmenistan, Hytaý Halk Respublikasy we Türkiýe ýaly ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara hünär bäsleşikleri geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar elektrotehnika işleri, suwagçylyk, elektrik we gaz arkaly kebşirleme hem-de Gün energetikasy enjamlaryny sazlamak ýaly ugurlar boýunça öz amaly ukyplaryny görkezdiler. Ýaş hünärmenler 4-6 sagadyň dowamynda berlen tabşyryklary takyklyk, tizlik, tehniki sowatlylyk, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek we hiliň ýokary bolmagy ýaly talaplar boýunça ýerine ýetirdiler. Olaryň işine garaşsyz halkara bilermenler tarapyndan tehniki ölçegler esasynda baha berildi.
Halkara bäsleşikde Türkmenistandan baran ýaş hünärmenler uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Nepes Rahmanberdiýew ýokary ussatlyk görkezip, hormatly 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýle hem ýokary bäsdeşlik şertlerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň talyby Ýmamberdi Söhbetow iň güýçli ýaş hünärmenleriň ilkinji dörtlügine girmegi başardy.
Gazanylan bu netijeler diňe bir talyplaryň şahsy üstünligi bolman, eýsem, ýurdumyzda hünär bilimini ösdürmek, ýaşlarda amaly başarnyklary kemala getirmek hem-de önümçilik bilen bilim ulgamynyň arabaglanyşygyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki bu üstünlikleri ösüp gelýän nesiller üçin göreldeli nusga bolup, okuw uskanalarynyň önümçilik bilen gatnaşygyny has-da giňeltmäge we halkara ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny täze sepgitlere ýetirmäge güýçli itergi berer.
Keywords