Türkmenistanyň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady» atly hünär bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň mejlisler zalynda geçirilen bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň karz edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady bank ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmekden, olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de zehinli işgärleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Şeýle-de oňa gatnaşyjylar milli ykdysadyýetde amala aşyrylýan özgertmeler, bank işiniň hukuk esaslary, maliýe we ykdysadyýet ugurlary boýunça bilimlerini görkezdiler.
Iki tapgyrda geçirilen bäsleşigiň birinji tapgyrynda Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň bank işgärleri, ikinji tapgyrynda bolsa Aşgabat şäherindäki banklaryň merkezi edaralarynyň wekilleri özara bäsleşdiler. Gatnaşyjylaryň çykyşlaryna bank ulgamynyň tejribeli hünärmenlerinden, ykdysadyýet we maliýe pudaklarynyň professor-mugallymlaryndan düzülen eminler topary baha berdi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça baýrakly orunlar:
Arkadag şäheri we ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda:
I orun – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Mary welaýat şahamçasy.
II orun – «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasy.
III orun – «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasy.
Aşgabat şäheriniň banklarynyň merkezi edaralarynyň arasynda:
I orun – Türkmenistanyň Merkezi banky.
II orun – «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky.
III orun – «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky.
Şeýlelikde, bäsleşigiň iki tapgyrynda jemi alty bank edarasy baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hünär bäsleşigi bank işgärleriniň özara tejribe alyşmagyna, hünär bilimlerini kämilleşdirmegine we ýurdumyzyň bank ulgamynda işgärleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmagyna ýardam berdi.














Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.