Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň netijesinde jemi 20 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň öndürýän dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar düşek toplumlaryny, nah matalaryny we nah ýüplügini edinmek boýunça geleşik baglaşdylar. Bu geleşikleriň umumy bahasy 3 million 520 müň amerikan dollaryndan geçdi.
Ýerli bazarda bolsa türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň polipropilenini, şeýle hem pagta süýümini we nah ýüplügini satyn aldylar. Içerki bazarda baglaşylan geleşikleriň umumy möçberi 102 million 384 müň manatdan gowrak boldy.
Birža söwdalarynda dürli görnüşli nebit-himiýa we dokma önümlerine bolan islegiň saklanmagy Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynyň hem-de içerki önümçilik bazarynyň işjeňligini görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.