2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebinde emeli aň we innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B. Mämmedow hasabat berdi.
Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek maslahatlaryň biri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny» ady bilen guralar. Beýleki maslahat bolsa Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Milli emeli aň tehnologiýalary — sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş» atly tema bagyşlanar.
«Watan» habarlar gepleşiginiň maglumatyna görä, halkara çärelerine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, professor-mugallymlarynyň we alymlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de iri halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatlaryň dowamynda «ýaşyl», howpsuz we «akylly» şäherleri döretmek, innowasion gurluşyk serişdelerini öndürmek, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem ykdysadyýeti «akylly» diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we durnukly ösüşi üpjün etmekde emeli aň tehnologiýalarynyň amaly hem-de innowasion mümkinçilikleri boýunça halkara tejribäni öwrenmäge aýratyn üns berler.
Şu ugurlarda halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça degişli teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, teklibi goldady we wise-premýere meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.