Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysy 15–27-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda çykyş eder.

FIDE-niň iň iri toparlaýyn ýaryşlarynyň biri bolan bu halkara bäsleşik «Silk Road Samarkand» sergi merkezinde geçiriler. Onda dünýäniň dürli ýurtlaryndan 400-den gowrak ýygyndynyň we 4000-den köp gatnaşyjynyň çykyş etmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň sport abraýyny açyk we zenanlar ýaryşlarynyň 11 tapgyrynda ýurduň iň güýçli 10 küştçüsi gorar. Milli ýygyndylaryň düzümi 2026-njy ýylyň milli reýtinginde öňdäki orunlary eýelän hem-de Ýokary ligada üstünlik gazanan türgenlerden düzüldi.

Zenanlar ýygyndysynyň düzüminde:
Leýla Şoh­radowa — milli reýtingde 1-nji orun;
Lala Şoh­radowa — Ýokary liganyň çempiony;
Jahan Rejepowa — 2-nji orun;
Mähri Agamyradowa — 3-nji orun;
Ogulsuraý Baýrambaýewa — 4-nji orun.

Erkekler ýygyndysynyň düzüminde:
Saparmyrat Atabaýew — milli reýtingde 1-nji orun;
Meýlis Annaberdiýew — 2-nji orun;
Amanmuhammet Hommad­ow — Ýokary liganyň çempiony;
Wepaly Halynýazow — 2-nji orun;
Şahruh Turaýew — 3-nji orun.

Türkmenistanyň küştçileri halkara olimpiadasynyň öňüsyrasynda ýokary derejeli taýýarlyk geçdiler. Şu ýyl türkmen türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatlarynda birnäçe medallara mynasyp boldular. Şeýle-de Lala Şoh­radowa Mumbaý şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aziýanyň blits boýunça çempiony boldy.

Milli ýygyndynyň taýýarlygy ýylyň başyndan bäri yzygiderli dowam etdirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy Aşgabat şäheriniň küşt mekdebi bilen bilelikde türgenler üçin gündelik okuw-türgenleşik işlerini gurady. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde topar Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň goldawy bilen Kökşetau şäherinde hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Türgenleşiklere halkara grossmeýster Aleksandr Rahmanow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew milli ýygyndynyň düzümindäki küştçileriň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi. Onuň bellemegine görä, yzygiderli türgenleşikler we halkara okuw ýygnanyşyklary toparyň ýaryşa gowy taýýarlyk görmegine ýardam etdi.

Tälimçi Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň öz toparlarynda baýrakly orunlar üçin göreşmegi maksat edinýändigini aýtdy. Şeýle-de Samarkantdaky olimpiada birnäçe türgen üçin halkara derejeli ussatlygyň normatiwlerini ýerine ýetirmek babatda möhüm mümkinçilik bolup biler.

Türkmenistanyň küştçileriniň öňki olimpiadadaky çykyşy hem üstünlikli boldy. 2024-nji ýylda Budapeştde geçirilen bäsleşikde türkmen erkekler ýygyndysy «B» toparynda, zenanlar ýygyndysy bolsa «C» toparynda birinji orny eýeledi.

Samarkantda geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň ýygyndylary sebitdäki öňdebaryjy toparlaryň hataryndaky ornuny berkitmegi we täze üstünlikleri gazanmagy maksat edinýär.