Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow zähmet rugsadynda bolýan günlerinde ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany welosipedli gezelenjiň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň häzirki keşbini synlady. Hazaryň kenarynyň säherki tämiz howasy we Awazanyň tebigy gözellikleri gezelenje ýakymly öwüşgin berdi.
Welosipedli gezelenç sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegi hökmünde bellenilýär. Açyk howada gezelenç etmek adamyň beden işjeňligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, ruhy taýdan dynç almaga hem mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurtda welosiped sürmek bilen gyzyklanýanlaryň sanynyň artmagy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleriniň biri hökmünde görkezilýär.
Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş we sagaldyş merkezleri, myhmanhanalar, çagalar üçin dynç alyş toplumlary, kottejler, şeýle hem köpugurly sport desgalary hereket edýär. Bu infrastruktura Awazanyň diňe bir syýahatçylyk däl, eýsem, halkara sport merkezi hökmünde hem mümkinçiliklerini giňeldýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.