Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankara şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol gün Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň XIII sammitine gatnaşdy we onuň çäklerinde çykyş etdi.
Sammitde çykyş eden döwlet Baştutany türki döwletleriň uly ykdysady mümkinçiliklere eýedigini belläp, bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak üçin energetika, senagat, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
Duşuşyk we sammite gatnaşmak Türkmenistan bilen Türkiýäniň, şeýle hem türki döwletleriň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm mümkinçilik boldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.