Türkmenistanyň ýaşlary Germaniýada ýokary bilim almak üçin täze mümkinçilikden peýdalanyp bilerler. Germaniýanyň akademik alyş-çalyş gullugy (DAAD) 2027–2028-nji okuw ýyly üçin ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlary boýunça magistratura maksatnamalaryna talyp hakly okuw üçin arzalary kabul edýär.
Bu maksatnama degişli talaplara laýyk gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin hem elýeterlidir. Ol ýokary okuw mekdebini tamamlap, matematika, informatika, tebigy ylymlar ýa-da inženerçilik ugurlarynda bilimini dowam etdirmek isleýän uçurymlar üçin niýetlenendir.
Dalaşgärleriň Germaniýada ykrar edilýän ilkinji ýokary bilim derejesi, ýagny bakalawr diplomy bolmaly. Şeýle hem arza tabşyrmagyň soňky möhletine çenli olaryň magistr derejesine eýe bolmaly däldigi bellenilýär.
Talyp haky Germaniýanyň döwlet ýa-da döwlet tarapyndan ykrar edilen ýokary okuw mekdepleriniň birinde gündizki magistratura maksatnamasynda bilim almak üçin berilýär. Saýlanan okuw maksatnamasy tölegsiz bolmaly we 2027–2028-nji okuw ýylynyň gyşky ýarymýyllygynda başlamalydyr.
Maksatnamanyň çäklerinde saýlanan talyplara birnäçe görnüşde maliýe goldawy hödürlenýär. Olara:
her aý 992 ýewro möçberinde töleg;
saglyk ätiýaçlandyrmasy;
betbagtçylykly hadysalardan we raýat-hukuk jogapkärçiliginden ätiýaçlandyryş;
ýylda 460 ýewro okuw kömegi girýär.
Zerur ýagdaýlarda ýol çykdajylarynyň öwezini dolmak, ýaşaýyş jaýy bilen bagly çykdajylara ýa-da maşgala agzalary bilen baglanyşykly goşmaça goldaw almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.
DAAD okuw töleglerini tölemeýär. Şonuň üçin dalaşgärler okuw tölegi alynmaýan magistratura maksatnamalaryny saýlamalydyrlar.
Dalaşgärler saýlanylanda olaryň okuw görkezijileri, öňki biliminiň saýlanan ugra laýyklygy, dil derejesi, hünär tejribesi, jemgyýetçilik işjeňligi, taýýarlan okuw meýilnamasynyň hili hem-de geljekki ylmy we hünär maksatlary göz öňünde tutulýar.
Dalaşgärler okuw maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda nemes ýa-da iňlis dilini bilýändigini tassyklaýan resminama bermeli. Arza tabşyrýan wagtynda dil derejesiniň azyndan B1 derejesinde bolmagy talap edilýär.
Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabry diýlip bellenildi. Resminamalar DAAD-nyň elektron portaly arkaly kabul edilýär.
Türkmenistanly dalaşgärlere arza tabşyrmazdan öň maksatnamanyň resmi maglumatlaryny, ýaşaýan ýurduna degişli talaplary we zerur resminamalaryň doly sanawyny barlamak maslahat berilýär.
DAAD-nyň bu talyp hakly maksatnamasy türkmen ýaşlaryna Germaniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak, halkara tejribesini artdyrmak we ylmy-hünär mümkinçiliklerini giňeltmek üçin möhüm mümkinçilik döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.