Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ilkinji gezek geçirilen Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýanyndaky U-15 ýaş toparlarynyň arasyndaky ýurduň birinjiligi tamamlandy. Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri kesgitlendi.

Bäsleşikde «Altyn Asyr» futbol toparynyň U-15 ýaş topary birinji orny eýeläp, Türkmenistanyň ilkinji birinjiliginiň ýeňijisi boldy. «Arkadag» toparynyň ýaş futbolçylary ikinji, «Ahal» toparynyň U-15 topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýaryşyň ýeňijilerini we baýrakly orunlary eýelän toparlary gazanan üstünlikleri bilen gutlady.

Bu ýaryşyň ilkinji gezek geçirilmegi ýaş futbolçylaryň ussatlygyny ýokarlandyrmaga, olaryň tejribesini artdyrmaga hem-de ýurtda ýaşlar futbolynyň ösdürilmegine ýardam berer.