2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde VII Bütindünýä medeniýetara dialog forumy öz işine başlady. Halkara çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, «Gülüstan» köşgünde açylyş dabarasy, halkara guramalaryň üçünji ýokary derejeli duşuşygy hem-de Baku prosesiniň çäklerinde altynjy ministrler duşuşygynyň ýörite bilelikdäki mejlisi geçiriler.
Çäräniň dowamynda medeniýetara dialogy ösdürmek, medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem sanlylaşdyrma we emeli aň döwründe medeniýetara başarnyklary ösdürmek, umumy geljegi kemala getirmekde medeniýetiň hem-de syýahatçylygyň ähmiýeti, medeniýetara liderligiň mümkinçilikleri boýunça ýörite mejlisler geçiriler.
Forumyň çäklerinde Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynda we ADA uniwersitetinde akademiki duşuşyklar hem guralar. Bu çäreler ylmy jemgyýetçiligiň wekillerine pikir alyşmak we medeniýetara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň bilim we medeniýet ulgamlarynyň wekilleriniň halkara foruma gatnaşmagy tejribe alyşmak, medeniýetara özara düşünişmegi ösdürmek hem-de bilim we medeniýet ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.