Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar üçin möhüm tapgyr — talyplyga dalaşgärleriň giriş synaglary başlandy. Synaglar şu günki günden başlap 20-nji awgusta çenli dowam eder.
Ondan öň, ýagny 13–26-njy iýul aralygynda ýaşlaryň resminamalary kabul edilipdi. Täze okuw ýylynyň kabul ediş tertibinde aç-açanlyga, jemgyýetçilik gözegçiligine we iň zehinli hem-de ukyply ýaşlary ýokary okuw mekdeplerine çekmäge aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, bu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 18 000-den gowrak talyby kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, kabul ediş orunlarynyň sanynyň 1200-e golaý artandygyny aňladýar.
Milli ykdysadyýetiň häzirki zaman talaplaryndan ugur alyp, ýöriteleşdirilen hünärler, bakalawr we magistr maksatnamalarynyň çäginde 20 sany täze hünär hem-de okuw ugry ilkinji gezek açyldy. Bu bolsa ýaşlara zamanamyzyň iň talap edilýän ugurlary boýunça bilim almaga giň mümkinçilik döredýär.
Şeýle-de, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine (kolledژlere) resminamalary kabul etmek işleri dowam edýär we ol 17-nji awgusta çenli dowam eder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.