Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary Fransiýada geçirilýän ýöriteleşdirilen okuwlaryň çäklerinde hünär derejelerini kämilleşdirýärler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň romano-german dilleri kafedrasynyň mugallymy Resul Orazberdiýew Nis şäherinde halkara «Frankofoniýa» merkezi tarapyndan guralan hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýar.

Şeýle hem bu bilim maksatnamasyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary gatnaşyp, öňdebaryjy lingwistik usulyýetler we daşary dilleri okatmagyň döwrebap çemeleşmeleri bilen tanyşýarlar. Okuw maksatnamasy tamamlanandan soň gatnaşyjylara halkara sertifikatlar gowşurylar, bu bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary dilleri okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant bolar.