Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýokary okuw mekdepleriniň hem-de mugallymlaryň halkara ylmy neşirlerdäki işjeňligini nazara alyp, 2025–2026-njy okuw ýylynyň netijeleri boýunça reýtingleri kesgitledi.
Reýtingler ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlardaky ylmy işleriniň netijeliligini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu gezek esasy ölçeg hökmünde halkara ylmy jemgyýetçilikde giňden ykrar edilýän Web of Science we Scopus maglumatlar toplumlarynda çap edilen ylmy işleriň sany hem-de hili göz öňünde tutuldy.
Bu abraýly halkara neşirlerinde ýerleşdirilen ylmy makalalar ýokary derejeli ylmy işler hökmünde kabul edilýär. Şeýle neşirler diňe bir ylmy gözlegleriň netijelerini halkara jemgyýetçilige ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem dürli ýurtlaryň alymlarynyň täze ylmy işleriniň ösdürilmegine hem ýardam berýär.
Soňky ýyllarda türkmen alymlarynyň halkara ylmy neşirlerdäki işjeňliginiň ep-esli ýokarlanandygy bellenilýär. Eger 2020-nji ýylda türkmen alymlarynyň Web of Science we Scopus ýaly halkara maglumatlar toplumynda çap edilen ylmy işleriniň sany 160-a deň bolan bolsa, bäş ýyl soň bu görkeziji birnäçe müňe ýetdi.
Ylmy işleriň sany we ähmiýeti boýunça öňdebaryjy orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti eýeledi. Reýtingde ikinji orunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýerleşdi.
Ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylmy giňişligindäki işjeňliginiň artmagy Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň, täze tehnologiýalaryň we innowasion işläp taýýarlamalaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Geçen okuw ýylynyň jemleri boýunça kesgitlenen reýting netijelerine laýyklykda, öňdebaryjy mugallymlar hem sylaglandy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde ýeňijilere dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar we «Ýylyň mugallymy — 2025–2026» diplomlary gowşuryldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.