Türkmenistanda ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak hem-de halkara hukugynyň esaslaryny çuňňur öwretmek maksady bilen ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze bilim maksatnamalary durmuşa geçiriler.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.H. Meredow halkara hukuk ulgamyny ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän çäreler barada habar berdi.
Täze başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Maksatnamanyň çäklerinde ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde BMG-niň Tertipnamasy, onuň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki orny, şeýle hem halkara hukuk kadalarynyň ösüşi boýunça ýörite okuw sapaklary, açyk leksiýalar we duşuşyklar geçiriler.
Şeýle hem halkara hukugy boýunça milli we daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda okuw-usulyýet serişdelerini, maglumat gollanmalaryny taýýarlamak, elektron bilim çeşmelerini döretmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, ýaşlaryň arasynda halkara hukugyna bolan gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen «Halkara hukuk hepdeligini» geçirmek, BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny guramak, şeýle hem halkara hukugynyň möhüm ugurlary boýunça ylmy işler, makalalar we düzme bäsleşiklerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Täze bilim başlangyjy ýaş nesliň halkara gatnaşyklary, diplomatiýa we hukuk ugurlaryndaky bilimlerini giňeltmäge, olaryň häzirki zaman dünýä hukuk ulgamyna has gowy düşünmegine mümkinçilik döreder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.