
Türkmenistanda emeli aň (AI) tehnologiýalaryny ösdürmek we sanly ykdysadyýeti pugtalandyrmak maksady bilen möhüm ädim ädilýär. «Türkmentelekom» döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň binýadynda emeli aň ulgamynda Başarnyklar merkezini döretmek meýilleşdirilýär.
Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PMÝF-2026) çäginde geçirilen «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, wehimler we çözgütler» atly mejlisinde mälim etdi.
Merkeziň esasy wezipeleri:
Ministr emeli aň çözgütleriniň durmuşyň dürli pudaklaryna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ulag ulgamlaryna eýýäm ornaşdyrylýandygyny belledi. Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ulag-logistika geçelgelerini dolandyrmak, nebitgaz pudagynda çaklamalary amala aşyrmak we oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça synag taslamalary meýilleşdirilýär.
Hasabatda soňky üç ýylyň dowamynda ýurtda halkara internet kanallarynyň geçirijilik ukybynyň 10 esse artandygy bellenildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze ýokary tizlikli sanly ugurlary emele getirjek strategik taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy. Olaryň hatarynda Serhetabat – Hyrat ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy we Hazar deňziniň düýbi boýunça çekilýän suwasty kabel taslamalary bar.
Bu ädimler Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetiniň, uly maglumatlar (Big Data) we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynyň halkara derejesinde ösdürilmegine uly itergi berer.
Keywords