Fransiýanyň we ABŞ-nyň bilelikdäki CFM International kärhanasy (Safran we GE Aerospace) geljegi uly bolan "açyk wentilýatorly" (Open Fan) awiahereketlendirijisiniň synaglarynda täze tapgyra gadam basdy. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän TAKE OFF taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan bu tehnologiýa awiasiýa taryhynda düýpli öwüşgin açmaga ukyplydyr.

"Açyk wentilýator" konsepsiýasynyň adaty motorlardan esasy tapawudy — wentilýatoryň daşyndaky gabygyň (gondolanyň) bolmazlygydyr. Bu ýörelge:

  • Ýangyç tygşytlylygy: Ýangyç sarp edilişini we zyýanly galyndylary 20% azaldýar.
  • Iki konturlylyk derejesi: Adaty motorlarda bu görkeziji 10:1 bolan bolsa, täze taslamada 60:1 derejesine ýetmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa motoryň has az ýangyç sarp edip, has uly güýç öndürmegine mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda motoryň esasy bölekleri işlenip düzüldi we 400 sagatdan gowrak aero-dinamik synaglar geçirildi. Taslamanyň geljekki meýilnamasy şeýle:

  • 2027-nji ýyl: Doly göwrümli ýerüsti synaglar.
  • 2028-nji ýyl: Integrirlenen tehnologik barlaglar.
  • 2029-njy ýyl: Airbus A380 uçarynyň binýadynda ilkinji uçuş synaglary.

Eger ähli meýilnamalar şowly amala aşsa, bu döwrebap hereketlendirijiler 2035-nji ýyla çenli täjirçilik maksatly uçarlarda giňden ulanylyp başlanar.