
Tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmaký ýylynda sagly gygoraýyş ulgamynda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylaýmaly biränçe toplumlaýyn işler edildi. Bu ajaýyp ýylda maňa Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen daşary döwletlerde bolup, hünär tejribämi artdyrmaklyga mümkinçilik döredi.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki dünýä belli «CHARITE» klinikasynda professor Peter Waýkotsynyň ýolbaşçylygynda kelle beýniniň insultlarynda, damardykylmalarynda we oňurgalarda döreýän nähoşluklary irki döwürde ýüze çykaryp, öňüni almagy we olary takyk anyklamagy öwrendik.
Ýakyn geljekde özüleşdiren tejribelerimizi özümize ornaşdyrylmagy, şeýlelikde welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň taryhynda täze bir sahypany açmagy meýilleşdirýäris.
Ýokaryderejeli lukmanlaryň taýýarlanylyşy, döwre bap enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen ildeşlerimize halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär.
Bosagada duran täze ýylymyzda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy gorayş ulgamynda täze öseşleri üpjün etmek maksady bilen irginsiz zähmet çekeris.
Keywords