Şu gije «Galatasaraý» — «Liwerpul», «Atalanta» — «Bawariýa», «Atletiko» — «Tottenhem», «Nýukasl» — «Barselona» jübütleriniň duşuşyklary bilen UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna badalga berilýär.
Oýunlar Aşgabat wagty bilen aşakda bellenen sagatlarda başlanar:
(Şu agşam — 11-nji marta geçilýän gije)
22:45 — «Galatasaraý» — «Liwerpul»
01:00 — «Atalanta» — «Bawariýa»
01:00 — «Atletiko» — «Tottenhem»
01:00 — «Nýukasl» — «Barselona»
Oýunlaryň «Türkmenistan. Sport», «Varzish TV», «CBC Sport» we «TRT Spor» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezilmegine garaşylýar. Teleýaýlymlaryň her biriniň bir duşuşygy göni ýagdaýda hödürlejekdigini aýdyp bileris.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.