
Uky ýetmezçiligi stress gormonlarynyň we maddalar çalşygyň kadalasmasyny bozýar. Şeýle-de, beden düzüminde öýjükleriň çişme ýagdaýyny (inflammasiýany) güýçlendirýär, gan basyşy ýokarlandyrýar we ýürek-damar ulgamynyň işine ýaramaz täsir edýär. Metabolizmiň bozulmagy we insuliniň öndürilmegindäki näsazlyklar semizlik bilen süýji keseliniň ýüze çykma howpuny artdyrýar.
Mundan başga-da, dowamly uky ýetmezçiligi nerw ulgamynyň yzygiderli dartgyn ýagdaýda işlemegine sebäp bolýar. Bu bolsa psihiki saglygyň ýaramazlaşmagyna, ýatkeşligiň we ünsüň peselmegine eltýär. Lukmanyň bellemegine görä, ýeterlik uklamýan adamlar köplenç gündizki mahallar ukluly bolýar we olaryň reaksiýalary haýallaýar. Munuň özi ýol heläkçilikleriniň we iş ýerindäki betbagtçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykma howpuny artdyrýar.
Uky hilini ýokarlandyrmak üçin lukman birnäçe maslahat berýär:
Keywords