
Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň (GDA PA) 60-njy mejlisiniň we Assambleýanyň Geňeşiniň nobatdaky ýygnagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Baştutanlarynyň syýasy tagallalary netijesinde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini nygtadylar. Şeýle hem köpýyllyk baý tejribä esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi, muňa bolsa parlamentara gatnaşyklaryň uly itergi berýändigi bellenildi.
Gepleşikleriň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň, şeýle-de halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamagyň wajyplygyna üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkony Türkmenistanyň GDA-da we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Russiýanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, taraplaryň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.
Keywords