Türkmenabat şäheriniň Gartaşan we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynda ilaty durmuş taýdan goramak, goldawa mätäç raýatlara ýardam bermek hem-de durmuş hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi.

Maslahata Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan degişli ugurda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Tejribe alyşmak, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmek we pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilen çärede ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, durmuş goldawyna mätäç adamlaryň aladasyny etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň bölüm başlygy Şemşat Abdyýewa öý şertlerinde durmuş hyzmatlaryny guramak, şeýle hem bu hyzmatlardan peýdalanýan adamlaryň özbaşdak durmuşyny goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Ol durmuş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmegiň we raýatlaryň gündelik durmuşda zerur goldawy almagyna ýardam bermegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenabat şäheriniň Gartaşan we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň başlygy Ogulgurban Orazmyradowa edaranyň iş tejribesi, hyzmatlardan peýdalanýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Okuw maslahatynda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak bilen birlikde, durmuş hyzmatlaryny kämilleşdirmegiň we goldawa mätäç raýatlara edilýän kömegi has-da netijeli guramagyň meselelerine üns berildi.

Şeýle çäreler hünärmenleriň tejribesini baýlaşdyrmaga, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ilata edilýän durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Çeşme: Lebap.biz