
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda halkara derejesindäki ylmy forumlar tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täsirli meýdança hyzmat edýär.
Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara onlaýn maslahaty gurnaldy. Bu forum özüne dünýäniň 15 döwletinden, şol sanda ABŞ, Russiýa, Germaniýa, Hytaý, Ýaponiýa, Türkiýe, Eýran, Hindistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Owganystan ýaly ýurtlardan 50-den gowrak ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralaryň wekillerini jemledi. Jemi 350-ä golaý alymyň we mugallymyň gatnaşmagy, şol sanda olaryň 150-siniň daşary ýurtly hünärmenler bolmagy maslahatyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär.
Maslahatyň täsirliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, çykyşlar türkmen, iňlis we rus dillerinde alyp baryldy. Ylmyň dürli ugurlaryny öz içine alan forum öz işini bäş sany esasy ugur boýunça dowam etdirdi:
Maslahata gatnaşyjylar ylmy dialogyň örän netijeli bolandygyny nygtap, bu ýerde gazanylan tejribeleriň we öňdebaryjy pikirlaryň geljekde täze ylmy gözlegleriň geçirilmegine uly itergi berjekdigini bellediler. Türkmenistanyň ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňemegi we innowasion ösüşiň depgininiň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň dünýä ylmy giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkidýär.
Keywords