Ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek işi tamamlandy
1 min okamak4

2026–2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek tapgyry tamamlandy. Täze okuw ýylynda 20 sany täze hünär açylyp, 18 müňden gowrak talyp okuwa kabul ediler.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri üstünlikli tamamlandy. Bu möhüm möwsüm Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy esasynda 13–26-njy iýul aralygynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
2026–2027-nji okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylar we kabul ediljek ýaşlaryň sany 18 müňden аşar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde synaglar test görnüşinde geçiriler. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary 24-nji awgusta çenli dowam eder.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.