Ýaponiýanyň Kioto uniwersitetiniň alymlary zeýtun ýagynyň uglewodlara baý iýmitlerden öň kabul edilmeginiň gandaky glýukozanyň derejesiniň birden ýokarlanmagynyň öňüni almaga kömek edip biljekdigini anykladylar. Geçirilen barlaglarda peýdaly ýaglaryň iýmit siňdiriş prosesini haýalladýandygy we gandaky şekeriň derejesini sazlamaga gatnaşýan gormonal hem-de nerw mehanizmlerini işjeňleşdirýändigi ýüze çykaryldy.

Alymlar iýmit önümleriniň kabul ediliş yzygiderliliginiň bedene edýän täsirini öwrenmek maksady bilen tejribeleri laboratoriýa syçanlarynda geçirdiler. Bir topar syçana glýukoza berilmezinden 15 minut öň zeýtun ýagy, beýleki topara bolsa ilki glýukoza, soňra zeýtun ýagy berildi.

Netijeler ýagyň öňünden kabul edilmeginiň aşgazanyň boşamagyny haýalladýandygyny görkezdi. Munuň netijesinde uglewodlar inçe içegä has haýal geçýär we gandaky şekeriň derejesi birden ýokarlanmaýar. Bu barlagyň netijeleri «Diabetes» ylmy žurnalynda çap edildi.

Barlagyň dowamynda alymlar zeýtun ýagynyň täsiriniň diňe iýmit siňdiriş prosesiniň haýallamagy bilen çäklenmeýändigini hem anykladylar. Ol içegede GLP-1 we GIP gormonlarynyň bölünip çykmagyny güýçlendirýär, şeýle hem beýni bilen iýmit siňdiriş agzalarynyň arasynda baglanyşyk döredýän azaşan nerwiň (wagus nerwiniň) signal ýollaryny işjeňleşdirýär.

Alymlaryň ünsüni çeken ýagdaýlaryň biri hem glýukagon gormonynyň bu mehanizmdäki ornudyr. Adatça, gandaky şekeriň derejesini ýokarlandyrmaga gatnaşýan bu gormon GLP-1 bilen bilelikde işläp, glýukozanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagynyň öňüni almaga kömek edip biler.

Tejribeler netijesinde ýüze çykarylan bu täsir mehanizminiň 2-nji görnüşli süýji keseliniň agyr görnüşi bolan we insuliniň ýetmezçiligi ýüze çykan syçanlarda hem saklanýandygy anyklandy.

Barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, iýmitleniş tertibini üýtgetmek, ýagny uglewodly önümlerden öň az mukdarda zeýtun ýagyny ýa-da beýleki peýdaly ýaglary kabul etmek gandaky glýukozanyň derejesine gözegçilik etmegiň goşmaça usuly bolup biler. Şeýle-de bolsa, bu netijeleriň adam bedenine edýän täsirini doly tassyklamak üçin kliniki barlaglary geçirmek zerurdyr.