Oýundan çyna tarap...

«Duolingo» dil öwrenmeklikden sowatlylyga

Apr 18, 2025 - 18:37
Apr 18, 2025 - 18:38
Oýundan çyna tarap...

Häzirki wagtda dünýä dillerini öwrenmekde giňden ulanylýan «Duolingo» bilim goşundysy diňe bir ulular üçin däl, eýsem çagalar üçin hem gyzykly hem-de peýdaly mümkinçiliklere eýedir. Bu programma çagalaryň höwes bilen öwrenmegini üpjün edýän ýönekeý we täsirli usullar bilen tapawutlanýar. Onuň üsti bilen ýaş ulanyjylar diňe bir täze dili öwrenmän, eýsem, intellektual we bilim taýdan hem ösüş gazanýarlar.

«Duolingo» çagalaryň öwrenýän dilindäki leksiki, grammatiki we stilistiki aýratynlyklary çuňňur özleşdirmegine mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin hem çagalaryň bilim alşyna aýratyn ähmiýet berýän ene-atalar bu goşundyny öz saýlawlarynda öňe sürýärler. Ene-atalaryň arasynda giňden ýaýran “üçden soň giç” diýen ýörelge göz öňünde tutulanda, “Duolingo” bilen irki ýaşda dil öwretmek has netijeli bolýar.

Yzygiderli kämilleşdirilýän bu platforma häzirki wagtda dünýäniň 40-dan gowrak dilinde taýýarlanan sapaklary özünde jemleýär. Iňlis, ispan, fransuz, nemes, rus, ýapon, italýan, koreý, portugal, hytaý we hindi dilleri ulanyjylar tarapyndan iň köp özleşdirilýän diller hökmünde öňe çykýar.

Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýä boýunça 100 müňden gowrak mugallym öz sapaklarynda «Duolingo» goşundysynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Şeýle hem mekdep ýaşyndaky çagalar bu platformada her gün takmynan 30 minut sarp edýärler we hepdede jemi 13 milliarddan gowrak gönükmäni ýerine ýetirýärler.

Bu görkeziji ýaş nesliň täze dilleri öwrenmekde gazanýan üstünlikleriniň, olaryň düşünje derejesiniň we dil başarnyklarynyň ýokarlanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.