Ýazda üsgürýän bolsaň...

Ýazda üsgürýän bolsaň...

Apr 18, 2025 - 18:49
Ýazda üsgürýän bolsaň...

Bu alamatlar obstruktiw bronhitiň ýüze çykandygyny habar berýär. Bejeriş gijikdirilende bronhlary, öýkeni zeperlendirýän gaýraüzülmeler ýüze çykýar. Üstesine, bedeniň ýokançlary kabul edijiligi ýokarlanýar. Şoňa görä, obstruktiw bronhite duçar bolan näsag tiz-tizden sowuklaýar.

Eýsem, bu keseliň döremegine näme sebäp bolýar? Obstruktiw bronhitiň ýüze çykmagyna daşky gurşawyň adam bedenine täsiri bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň birnäçesi sebäp bolýar:

  1. Dem alyş ýollaryna howa ýa-da durmuş galtaşyklary arkaly aralaşyp bilýän wirusly ýokançlar bronhlaryň nemli bardasyny zeperlendirip, olaryň gysylmagyna hem-de munuň netijesinde howanyň geçmeginiň kynlaşmagyna getirýär. Ahyrky netijede gaýnaglama hadysalary ýüze çykyp, dem almak kynlaşýar.

  2. Öýde çilim çekilmegi, arassalaýjy himiki serişdeleriň köp ulanylmagy maşgala agzalaryna ýaramaz täsir edýär. Olar bronhlaryň yzygiderli gysylmagy, gyjynmagy sebäpli wagtyň geçmegi bilen gaýnaglama duçar bolýarlar.

  3. Käbir adamlarda obstruktiw bronhitiň döremegine nesilleýin meýillilik bolýar. Munuň özi bronhlaryň dürli gyjyndyryjylara ýokary duýgurlygyň nesilden-nesle geçmegi bilen baglanyşyklydyr.

  4. Käbir keseller, meselem, atopiki dermatit ýa-da allergiki rinit anyklanan näsaglarda obstruktiw bronhitiň döremek howpy ýokarydyr. Allergenler, meselem, ösümlik tozgajyklary, tozan bilen galtaşyklar olarda bronhlaryň gysylmagyna itergi berýär. Munuň özi ýaz we güýz pasyllarynda obstruktiw bronhitiň döremeginiň ýa-da öňden bar bolan keseliň ýitileşmeginiň esasy sebäbi bolup durýar.

  5. Obstruktiw bronhit öýkenleriň obstruktiw keseliniň gaýraüzülmesi hökmünde döräp bilýär. Obstruktiw bronhit dörände keseliň kesgidiniň takyk goýulmagyny gazanmak üçin pulmonolog lukman bilen maslahatlaşmaly. Ol syrkawyň dem alşynyň ýagdaýyna baha berýän spirometriýa, bronhlardaky näsazlyklary ýüze çykarmak üçin bronhoskopiýa, bronhlardaky we öýkendäki üýtgemeleri anyklamak üçin döşkapasasynyň rentgen barlaglaryny belleýär. Käte öýkendäki we bronhlardaky üýtgemeleriň ýaýraýşyny takyk görmäge mümkinçilik berýän kompýuter tomografiýa (KT) barlagyny geçirmäge zerurlyk ýüze çykýar. Obstruktiw bronhitiň allergiki gelip çykyşyny anyklamak üçin allergologiki barlag bellenilip bilner. Şeýle maksat bilen deriniň allergenlere duýgurlyk testi, ganyň E immunoglobulinine barlagy geçirilýär.

Keseliň bejergisinde bronh myşsalarynyň gysylmagyny, bronhlardaky gaýnaglama alamatlaryny aýyrýan, dem alyş ýollaryny giňeldýän, gakylygy suwaldýan, gopdurýan, daşary çykarýan derman serişdeleri ulanylýar. Bronhitiň döremegine bakteriýaly ýokançlar sebäp bolan ýagdaýlarda antibiotikler bellenilýär. Lukman dem alşy gowulandyrmaga, myşsalary berkitmäge ýardam edýän beden terbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi, dermanlaryň özleşmegini, ýokary netije bermegini üpjün etmek üçin ingalýatorlary peýdalanmagy maslahat berýär.

Pulmonolog lukman bejergini syrkawyň umumy saglyk ýagdaýyna, onuň bedeniniň aýratynlyklaryna, keseliň agyrlyk derejesine laýyklykda belleýär. Bejeriş onuň gözegçiligi astynda geçirilýär.

Ýeri gelende, obstruktiw bronhitiň öňüni almaga ýardam edýän çäreleri ýatlap geçeliň. Gyjyndyryjy himiki serişdeler, zäherli gazlar, allergiýa döredip bilýän zatlar bilen galtaşmalardan goranmaly, çilim çekmekden saklanmaly. Bedeniň sagdynlygyny saklamaga ýardam edýän gündelik bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegi mydamalyk endige öwürmeli, sport bilen meşgullanmaly, dogry iýmitlenmeli, stres döredýän ýagdaýlardan gaça durmaly. Bu düzgünler diňe bir obstruktiw bronhitiň däl-de, eýsem, beýleki keselleriň hem öňüni almaga kömek edýär.