2026-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaý Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berdi.

Amerikaly diplomat paýtagta gelen ilkinji gününde ABŞ-nyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşykda söwda we maýa goýumlary babatda bar bolan mümkinçilikler, şeýle hem işewürleriň bu ugurdaky garaýyşlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, saparyň dowamynda Kristofer Landaý Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şeýle-de türkmen we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşar. Gepleşiklerde energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, Transhazar geçelgesi we TRIPP («Halkara parahatçylyk we gülläp ösüş üçin Tramp ýoly») ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine üns berler.

Şeýle-de taraplaryň söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, sebitara özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Aşgabat Kristofer Landaýyň 16–24-nji noýabr aralygynda amala aşyrýan sebit saparynyň soňky nokady boldy. Ol Türkmenistana gelmezinden öň Täjigistanda we Türkiýede saparda boldy.