2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Italiýa Respublikasynyň Senatynyň binasynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy we halkara hukugyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy we Italiýa Respublikasynyň Aziýa instituty tarapyndan bilelikde guraldy.

Maslahat Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýylyň «Halkara hukugy ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Duşuşyga Italiýanyň Senatynyň wekilleri, Aziýa institutynyň ýolbaşçylary, döwlet we ylmy-akademiki toparlaryň agzalary, halkara hukugy we halkara gatnaşyklary boýunça alymlar hem-de hünärmenler gatnaşdylar. Şeýle-de Rim şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasyna awtordaşlyk eden döwletleriň wekilleri çärä gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda Italiýanyň senatory Antonio Salwatore Trewizi, Italiýa Respublikasynyň Aziýa institutynyň prezidenti Mario Morgoni, Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow, Italiýanyň Deputatlar palatasynyň deputaty Mauro Del Barba hem-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň «Merkezi Aziýa – Italiýa» ministrler duşuşygynyň utgaşdyryjysy, ilçi Federiko Failla çykyş etdiler.

Mundan başga-da, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Martin Bruk, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda häzirki geosyýasy şertlerde halkara hukugynyň öňünde durýan möhüm meseleler, BMG-niň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmekdäki orny, döwletleriň deňhukuklylygy hem-de halkara jedellerini parahatçylykly ýollar arkaly çözmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň halkara hukuk esaslaryna, onuň sebitde we dünýäde durnuklylygy pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns berildi. Şeýle-de işjeň halkara dialogynyň ösdürilmeginiň, döwletleriň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň berkidilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Gatnaşyjylar halkara hukugynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy binýat bolup durýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara hukugy ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara hukuk tertibini berkitmäge we BMG-niň Tertipnamasynda kesgitlenen ýörelgeleri ilerletmäge goşýan goşandynyň halkara derejesinde goldanylýandygyny görkezýän möhüm waka hökmünde bellenildi.

Maslahatyň jemleri boýunça gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamagyň, halkara hukuk mehanizmlerini pugtalandyrmagyň hem-de ynam diplomatiýasyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle-de parahatçylygyň we howpsuzlygyň durnukly binýadyny kemala getirmek maksady bilen diplomatik, ylmy we hünär ugurlaryndaky dialoglary dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.