
27-nji fewraldan 6-njy mart aralygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy onlaýn bäsleşikli söwda (auksion) geçirýär. Onda iki sany deňiz konteýneri — 20 futluk we 40 futluk — hem-de buz erediji duz satuwa çykarylar.
Söwdalar resmi platformada, şu salgyda geçiriler: https://online-auction.state.gov. Gatnaşmak üçin saýtda hasaba durmak we auksionyň düzgünleri bilen tanyşmak zerurdyr. Ähli baha teklipleri diňe ABŞ-nyň dollarynda kabul edilýär. Ýeňijilere söwdalar tamamlanandan soň telefon arkaly habar berler.
Ilçihana ähli satuwlaryň gutarnyklydygyny we harytlaryň bar bolan ýagdaýynda satylýandygyny ýatladýar. Satyn alnan harytlary eltip bermek hyzmaty göz öňünde tutulmadyk — alyjylar harytlary, şol sanda deňiz konteýnerlerini özbaşdak alyp gitmelidirler. Ýüklemek işlerinde kömek berilmeýär.
Keywords