2027-nji ýylyň 8–16-njy iýuly aralygynda Portugaliýanyň Lissabon şäherinde GLOBAL BUSINESS WEEK 2027 atly halkara çäre geçiriler. Çäräniň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan barjak 6–17 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler üçin International Business Camp atly halkara lageri guralar.

Lager dynç alşy, bilimi we halkara gatnaşyklary özünde jemleýän maksatnama bolup, gatnaşyjylara birnäçe ugur boýunça öz başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik döreder.

Maksatnamanyň MiniBoss ugry ýaşlarda telekeçilik pikirlenmesini, liderlik häsiýetlerini we işewürlik endiklerini ösdürmäge gönükdirilendir. Gatnaşyjylar öz pikirlerini we taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanarlar. Acting Camp bölüminde aktýorlyk ussatlygy, emosional aň-düşünje, özüňe ynam we aragatnaşyk endikleri ösdüriler. Art Camp döredijilik ugry bolup, çagalaryň hyýalyny, täze pikirleri döretmek ukybyny we şahsy zehinini açmaga ýardam eder. Royal British School maksatnamasy bolsa doly iňlis dilinde geçiriler. Bu ugur gatnaşyjylara iňlis dilli gurşawda bolmak, dili gündelik ýagdaýlarda ulanmak we erkin geplemek başarnygyny kämilleşdirmek mümkinçiligini berer.

Lageriň maksatnamasyna okuw sapaklary, ussatlyk sapaklary, toparlaýyn taslamalar, döredijilik çäreleri we gezelençler girýär. Halkara gurşawyň döredilmegi netijesinde türkmenistanly çagalar dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen tanyşyp, iňlis dilinde göni aragatnaşyk saklap we özbaşdaklyk endiklerini ösdürip bilerler.

Çagalar üçin geçiriljek lager bilen bir hatarda, ulular üçin hem işewürlik we medeni çäreleriň giň maksatnamasy göz öňünde tutulýar. Ene-atalar we çagalary ugradýan beýleki wekiller Global Education Forum atly halkara bilim forumyna, Startup World Cup Championship startaplar bäsleşigine hem-de World Business Forum işewürlik we innowasiýalar forumyna gatnaşyp bilerler.

Mundan başga-da, zenanlaryň liderligine we telekeçiligine bagyşlanan World Woman Forum, halkara moda çäresi bolan Global Fashion Show, şeýle hem dürli ýurtlaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny tanyşdyrýan Global Country Day maksatnamasy geçiriler. Soňky çäräniň çäklerinde Parade of Nations atly ýöriş hem guralar.

Şeýlelikde, çagalar bilim we döredijilik ugurlary boýunça tejribe toplap, täze dostlar edinýän wagtynda, ulular dürli ýurtlaryň işewürlik we bilim wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýup, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri bilen tanşyp bilerler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, GLOBAL BUSINESS WEEK 2027 çäresi türkmen maşgalalaryna çagalaryň dynç alşyny we bilim alşyny halkara tejribesi bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik döreder.

Çärä gatnaşmagyň şertleri we degişli maksatnamany saýlap almak boýunça maslahat almak isleýän maşgalalar +993 63 52-06-42 we +993 61 34-93-58 telefon belgilerine ýüz tutup bilerler.