
Agyz beklemek adaty iýmit meýilnamasyndan tapawutlylykda, belli bir wagt aralygynda iýip-içmekden saklanmakdyr. Agyz beklemek pikiriň täzelenmegi, akylyň durlanmagy ýaly ruhy taýdan peýdaly bolmak bilen bir hatarda, saglyk üçin hem örän ähmiýetlidir.
1. Geçirilen barlaglarda agyz beklemegiň bedeniň agramyny 9 göterime çenli ýeňledýändigi ýüze çykaryldy. Ýagny beden myşsalaryna agram salmazdan, bedendäki artykmaç ýagy ýitirip bolýar.
2. Adamyň ösüş garmony (HGH) tebigy ýagdaýda bedende öndürilýär we gan aýlanyşygy esasynda dokumalara barýar. Agyz beklenende HGH-niň köp mukdarda bölünip çykmagy esasynda artykmaç ýag ýakylýar. Bu bolsa bedeniň myşsalarynyň güýçlenmegine we çeýeliginiň artmagyna kömek edýär.
3. Agyz beklemek awtofagy (bedeniň öýjükleri gaýtadan işlemek ulgamy) herekete getirip, bedendäki köne öýjükleri döwmäge we gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle ýagdaýda adam bedeni öýjük galyndylaryndan doly arassalanýar.
4. Agyz beklemek bedendäki uglewodyň we gandaky glýukozanyň derejesini durnukly ýagdaýda saklamaga hem-de wisseral ýag massasyny azaltmaga kömek edýär. Bilermenler süýjüli diabetden ejir çekýän adamlara agyz beklemegiň oňaýly täsir edýändigini belleýärler. Şeýle ýagdaýda bedeniň insuline garşy duýgurlygy artýar hem-de göreşijilik ukyby güýçlenýär.
5. Agyz beklemek newrodegeneratiw bozulmalaryň öňüni alyp, nerw öýjükleriniň dikelmegine we döremegine ýardam edýär. Bu bolsa beýniniň işini gowulandyrýar.
6. Geçirilen barlaglarda agyz bekleýän adamlaryň uzak ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Bu, esasan, agyz beklemegiň aşgazan-içege ulgamynyň işini ýeňilleşdirýändigi, ýürek-damar ulgamyny we gan basyşyny kadaly derejede saklaýandygy hem-de bedende artykmaç agramyň bolmazlygy bilen düşündirilýär.
Keywords