Ahal topragynyň bereketli miwesi: “Çöl gämisi” hojalygynda öndürilýän melhemlik çalyň we peýnirleriň syry
1 min okamak

🥛 «Çöl gämisi» hojalygy ekologiýa taýdan arassa süýt önümleri bilen tanalýar Ahal welaýatynda ýerleşýän «Çöl gämisi» hojalygy düýe we sygyr süýdünden taýýarlanýan melhemlik çal, agaran, doýran, gaýmak hem-de peýnirleriň dürli görnüşlerini öndürýär. Döwrebap önümçilik we tebigy çig malyň utgaşmagy netijesinde hojalygyň önümleri ýokary hili hem-de ekologik arassalygy bilen sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, içerki bazarlary ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli ýerli önümler bilen doly üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň zähmetkeşleri hem uly üstünlikleri gazanyp, belent sepgitleri eýeleýärler. Döwletimiziň berýän goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanýan telekeçileriň alyp barýan netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Hususan-da, «Çöl gämisi» haryt nyşanly süýt we süýt önümlerini öndürmäge ýöriteleşen hojalygyň işi muňa doly güwä geçýär.
Telekeçi Polat Kanaýewe degişli bolan bu hojalyk 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, umumy meýdany 144 gektara barabar bolan bu künjekde önümçiligi netijeli we ylmy esasda guramak üçin ähli döwrebap şertler döredilendir. Süýt önümlerini yzygiderli hem-de bökdençsiz taýýarlamak maksady bilen, bu ýerde 286 sany düýe we 150 sany iri şahly mal idedilýär. Hojalykda 20-ä golaý işçi-hünärmen agzybir we yhlasly zähmet çekip, olaryň taýýarlaýan önümleriniň hiline, saklanyş we arassaçylyk kadalaryna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçinem bu ýerde öndürilýän önümler ýokary hilliligi hem-de ekologik arassalygy bilen görnetin tapawutlanýar.
Häzirki wagtda hojalykda pasterirlenen sygyr süýdi, melhemlik düýe çaly, agaran, doýran, gaýmak, şeýle hem duzlanan we kakadylan peýnirleriň dürli görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär. Aýratyn-da, tomus paslynyň jöwzaly günleriniň gelmegi bilen teşneligi gandyryjylyk häsiýeti we melhemlik aýratynlygy bolan bu milli önümlere bazarlarda hem-de söwda nokatlarynda isleg barha artýar.
TürkmenistanTelekeçilikÇöl gämisiAhal welaýatyGökdepe etrabydüýe çalymelhemlik çalsüýt önümleripeýnirekologiýa taýdan arassa önümlerPolat Kanaýewazyk howpsuzlygyýerli önümçilikdüýe hojalygysygyr süýditürkmen önümlerihususy pudak






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.