Lebap we Balkan welaýatlarynda raýatlaryň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler.

Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Dänew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan guralýan çäre 28-nji oktýabrda geçiriler. Ol sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Dänew etrabynyň H. Babakulyýew köçesiniň 11-nji jaýynda ýerleşýän Parahat oba medeniýet öýüniň edara binasynda bolar.

Goşmaça maglumat almak üçin (800446) 3-19-49 telefon belgisine ýüz tutup bolýar.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Etrek etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2-nji noýabrda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirer. Çäre sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Etrek etrabynyň Etrek şäherindäki Magtymguly köçesiniň 34-nji jaýynda ýerleşýän etrap häkimliginiň mejlisler zalynda guralar.

Bu çäre barada goşmaça maglumat üçin (800242) 4-09-10 telefon belgisine jaň edip bolýar.

Çärelere kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we hususy telekeçileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Işe ýerleşmek isleýän raýatlara bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, bar bolan ýagdaýynda zähmet depderçesini hem-de hünärini tassyklaýan resminamasyny ýanlarynda getirmek maslahat berilýär.

Bu çäreler iş gözleýän raýatlara degişli boş iş orunlary bilen tanyşmaga we iş berijiler bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer.