Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň täze süýt gaýtadan işleýän kärhanasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhana ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenendir.
Täze toplumyň işe girizilmegi ýurdumyzda hususy önümçiligi ösdürmek, içerki bazary ýerli önümler bilen üpjün etmek we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň möhüm netijeleriniň biri bolup durýar. Kärhanada öndürilýän süýt önümleri «Täze aý» haryt nyşany bilen satuwa çykarylar.
Açylyş dabarasyna Mary welaýatynyň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýatdaky bölümleriniň işgärleri, ýaşulular, hususy pudagyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Umumy meýdany 3,5 gektara deň bolan täze kärhananyň gurluşygyny «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy. Şonuň 2 gektarynda önümçilik desgalary ýerleşýär. Galan böleginde bolsa edara binasy, ammarlar we beýleki kömekçi desgalar guruldy. Kärhana önümçilik işleriniň yzygiderli alnyp barylmagyny üpjün edýän döwrebap awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe bölümden ybaratdyr.
Önümçilik enjamlary süýt senagaty üçin tehnologiýalary öndürýän Türkiýäniň we Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalaryndan getirildi. Kärhanada gaýmak, kefir, smetana, dorog, mesge, süzme, aýran we dürli görnüşli doňdurma ýaly önümleri öndürmek meýilleşdirilýär. Önümleriň hiline gözegçilik etmek üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýörite barlaghana hem döredildi.
Kärhananyň esasy çig maly bolan sygyr süýdi ilatdan, daýhan hojalyklaryndan we hususy kärhanalardan baglaşylan şertnamalar esasynda satyn alnar. Önümçilikde ulanylýan käbir goşmaça serişdeleri Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýeden, Daniýadan we Malaýziýadan getirmek göz öňünde tutulýar.
Täze toplumyň ammarlarynda bir wagtyň özünde 380 tonna taýýar önümi saklamak mümkinçiligi döredildi. Önümler häzirki zaman gaplama serişdelerine gaplanyp, degişli saklaýyş talaplary berjaý edilenden soň, her gün bazarlara we söwda nokatlaryna iberiler. Şeýle hem müşderileriň sargytlary boýunça önümleriň ugradylyşy ýola goýlar. Önümçiligiň bökdençsiz işlemegi üçin kärhanada transformator podstansiýasy we göwrümi 500 kub metre deň bolan arassa agyz suwy üçin suw howdany guruldy.
Kärhanada 300-den gowrak täze iş orny döredildi. Işgärleriň netijeli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin dynç alyş otaglary, naharhana hem-de açyk awtoduralga ýaly amatlyklar göz öňünde tutuldy.
Taslama laýyklykda, kärhana ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlände, 3 müň tonna gury süýt, 1 müň 50 tonna mesge, 8 müň tonna turşy süýt önümlerini, 1–1,5 müň tonna peýnir we 10 müň tonna doňdurma öndürmäge ukyply bolar. Dürli görnüşli süýt önümlerini öndürmek üçin her gün 140–150 tonna sygyr süýdi sarp ediler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda süýdi kabul etmek üçin sowadyjylar we onuň hilini barlaýan ýörite enjamlar bilen üpjün edilen 50 sany kabul ediş nokady hereket edýär. Täze kärhana doly kuwwatynda işe başlandan soň, şeýle nokatlaryň sanyny, süýt bilen üpjün ediji hojalyklaryň gerimini we satyn alynýan çig malyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik dörär.
Mundan başga-da, Mary etrabynda gurluşygy alnyp barylýan, ýylda 500 tonna süýt we 100 tonna et öndürmäge niýetlenen iri maldarçylyk toplumynyň hem kärhananyň çig mal bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyna garaşylýar.
Täze kärhana orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary üçin önümçilik tejribesini geçmäge hem mümkinçilik berer. Bu bolsa ýaş hünärmenleriň nazary bilimlerini iş ýüzünde berkitmegine we süýt senagaty boýunça tejribe toplamagyna ýardam eder.
Açylyş dabarasynyň dowamynda täze desganyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge berilýän goldawyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem dabaranyň çäklerinde «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň kärhanalarynda öndürilýän azyk önümleriniň sergisi guraldy.
Täze önümçilik toplumynyň işe girizilmegi süýt önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we içerki bazaryň ýerli önümler bilen üpjünçiligini güýçlendirmäge gönükdirilendir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.