y

«Altyn Asyr» futbol topary Türkmenistanyň ýokary ligasynyň 27-nji tapgyrynyň çäklerinde «Şagadam» toparyndan üstün çykyp, çempionatyň kümüş medalyny eýelemegi kepillendirdi.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ýeke-täk goly 96-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Myrat Annaýew geçirdi.

«Altyn Asyr» 27 duşuşykda 59 utuk toplap, iň ýakyn yzarlaýjysy «Ahal» topary üçin ýetip bolmajak netijäni gazandy. «Ahal» 27-nji tapgyrda «Nebitçini» 3:0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykda Magty Beranow (63-nji minut), Yslam Annamyradow (80-nji minut) we Süleýman Mirzoýew (91-nji minut) tapawutlandy.

Häzirki wagtda 26 oýunda 52 utuk toplan «Ahal» toparynyň ätiýaçda ýene iki duşuşygy bar. Şeýle-de bolsa, galan oýunlaryň netijelerine garamazdan, topar «Altyn Asyrdan» öňe geçip bilmez we möwsümi üçünji orunda tamamlar.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda «Köpetdag» «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňdi. Bu oýunda Baýramgeldi Gülmäýew 91-nji minutda ýeňiş goluny geçirdi.

Mundan ozal geçirilen duşuşykda bolsa ýurduň häzirki çempiony «Arkadag» «Aşgabat» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Şanazar Tirkişow 38-nji minutda, Meýlis Diniýew bolsa 52-nji minutda gol geçirdi.