2026-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki «Meydan Hotel» myhmanhanasynda BATL FURY atly professional boks agşamy geçiriler. Ýaryşyň çäklerinde türkmen boksçysy Hursant Imankuliýew professional ringde dokuzynjy tutluşygyny geçirip, özüne degişli WBC Eurasia çempionlyk guşagyny goramak üçin ringe çykar.
Türkmen türgeniniň garşydaşy Hindistanyň ýeňlişsiz boksçysy Faýzan Anwar bolar. Hursant Imankuliýewiň hasabynda sekiz ýeňiş bar. Faýzan Anwar bolsa professional karýerasynda geçiren 22 tutluşygynyň ählisinde ýeňiş gazandy. Ol 2025-nji ýylyň dekabryndan bäri WBA Intercontinental titulynyň eýesidir.
Hursant Imankuliýew WBC Eurasia çempionlyk guşagyny 2026-njy ýylyň maý aýynda eýeledi. Ol şol gezek Tanzaniýanyň wekili Adam Daçany birinji raundda möhletinden öň ýeňip, çempionlyk derejesini gazandy.
Indiki tutluşykda türkmen türgeni çempionlyk guşagyny goramak bilen birlikde, ýeňlişsiz görkezijisini dowam etdirmäge çalşar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.