
Düýn Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň eýeleýän ornuny hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýetini dabaralandyrýan halkara çäre geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde guralan bu medeni-diplomatik duşuşyk uly gyzyklanma bildirilmegine sebäp boldy.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy hem-de Ankaradaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýanýoldaşlarynyň jemgyýetçilik birleşigi (SHOM) bilen bilelikde guralan bu dabaraly çäre «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we medeni dialogy pugtalandyrmak» diýen ähmiýetli mowzuga bagyşlandy.
Dabara Ankarada akkreditlenen dürli döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ilçileriň ýanýoldaşlary, şeýle hem Türkiýäniň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda halkara ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni dialogy giňeltmekde we döwletara dostluk köprülerini gurmakda zenanlaryň diplomatik hem-de jemgyýetçilik işjeňliginiň ornuny has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Çykyş eden myhmanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasat ugruna, şeýle hem guralan çäräniň bu gymmatlyklara goşýan goşandyna uly baha berdiler.
Dabaranyň çäklerinde myhmanlar üçin ýörite taýarlanan medeni maksatnama hem görkezildi. Onda türkmen halkynyň köpasyrlyk milli däp-dessurlary, baý taryhy-medeni mirasy we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan häzirki zaman üstünlikleri giňden tanyşdyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylara hödür edilen türkmen milli tagamlary dabara aýratyn öwüşgin berdi.
Şeýle-de çärä gelen myhmanlar Türkmenistanyň milli buýsanjy bolan Ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosergi bilen tanyşdylar. Sergide behişdi atlaryň täsin gözelligini, ýyndamlygyny we dünýö medeniýetindäki taryhy ähmiýetini şöhlelendirýän ajaýyp suratlar görkezildi we olar myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Keywords