
Jeren Babanazarowa, «Hazar merjeni» hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary: Ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden hem ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrundaky alada Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap mekdeplerde okamaklary, öwrenmekleri, giň gözýetimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şu mümkinçilikleriň gurşawynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda okuwçylaryň mekdep syýahatçylygyna işjeň çekilmegi olaryň bilim derejesiniň has-da artmagyna, watansöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegine itergi berer.
Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýän gözel hem-de täsin tebigaty, ýurdumyzyň ähli künjeginde, hatda her obada halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen baglanyşykly taryhy ýadygärlikler bar. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän bu gadymy ýadygärlikleriň, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini, zehin ussatlygyny açyp görkezýän milli mirasymyzyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň geçmişine, milli ýörelgelerine halkara derejesinde goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr. Merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýolunyň şaýady, dünýäniň görnükli taryhçy alymlarynda, arheologlarynda uly gyzyklanma döredýän gadymy galalar, ýadygärlikler, tebigatyň peşgeş beren täsinlikleri ýaş nesiller üçin nusgalyk watançylyk hem-de terbiýe mekdebidir, milli ýörelgelerimiziň mukaddesliklerine aralaşmakdyr. Mekdep syýahatçylygynyň çäginde bu ýerlere amala aşyryljak ýörişler, gezelençler okuwçylaryň mekdepde alan bilimlerini, edebi çeşmelerden, internet sahypalaryndan öwrenen maglumatlaryny tebigat, taryh we durmuş hakykaty bilen baglanyşdyrmaga şert döreder, syn etmek, sowal bermek arkaly okuwçylaryň synçylygy, akyl ýetiriş ukyby, dünýägaraýşy taplanar. Şonuň bilen birlikde şeýle çäreler işjeň başlangyçly şahsyýetleriň kemala gelmegine, ýaşlaryň ýol kartalary arkaly ugur tapmaklaryna, tebigata, geçmişiň taryhy wakalaryna bolan dünýägaraýşynyň kämilleşmegine ýardam eder. Mekdep syýahatçylygy okuwçylarda döredijiligiň, özbaşdak pikirlenmäniň, toparlaýyn hereket etmek ukybynyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň ösmekligine hem itergi berer.
Şunuň bilen birlikde açyk howada gezelenç etmegiň, dag etegine ýa-da derýanyň boýuna ýöriş etmegiň, hereketli oýunlary oýnamagyň saglygyňy berkitmekde hem ähmiýeti uludyr. Bu bolsa syýahatçylygyň bedenterbiýe we sport bilen utgaşyp, sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyndaky wajyp ornuny görkezýär.
Ýurdumyzyň baý we owadan tebigaty, gadymy ýadygärlikleridir galalary ýaş nesliň bilim derejesini, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýän tebigy «açyk synp otagy» bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, mugallymlaryň döredijilikli gözleglerinde, geljekki taslamalarda mekdep syýahatçylygynyň peýdalanylmagy ýaşlaryň sagdyn ösmeklerine, Watanymyzyň tebigatyny, şöhratly taryhyny içgin öwrenmeklerine uly itergi berer.
Keywords