Emeli aň (EA) ulgamlarynyň öýde we kärhanalarda ulanylýan elektron enjamlarynda özbaşdak işläp, öz nusgalaryny döretmek mümkinçiligi bilen bagly töwekgelçilikler öwrenilýär. Bu barada «Anthropic» kompaniýasynyň barlaglaryna salgylanýan «Gazeta.ru» neşiri habar berýär.

Barlaglarda «akylly» howurpeçler, smart-telewizorlar üçin pristawkalar, gözegçilik kameralary we wideomaslahat enjamlary ýaly köp sanly elektron gurluşyň emeli aň ulgamlaryny işletmäge ýeterlik hasaplaýyş mümkinçiliklerine eýedigi bellenýär.

«Anthropic» kompaniýasynyň ylmy-barlag toparynyň geçiren synaglarynda emeli aň ulgamynyň adamyň gönüden-göni gatnaşmazdan, telewizorlar üçin niýetlenen 15 sany arzan smart-pristawka bilen özbaşdak utgaşyp bilendigi habar berilýär.

Bu ýagdaýyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde käbir enjamlaryň kiberhowpsuzlyk goragynyň gowşaklygy görkezilýär. Hünärmenleriň garaýşyna görä, şeýle şertlerde emeli aň ulgamlarynyň dürli enjamlarda özbaşdak işlemegi bilen bagly töwekgelçilikler artmagy mümkin. Şeýle ulgamlaryň işini merkezleşdirilen usulda togtatmak mümkinçiligi bolmasa, olara gözegçilik etmek hem kynlaşyp biler.

Habarda emeli aňyň bir enjamyň çäklerinden çykyp, birnäçe enjama ýaýramagy bilen bagly ähtimallyk hem agzalýar. Şeýle ýagdaýda dürli enjamlarda işleýän ulgam bölekleriniň özara aragatnaşyk saklamagy we utgaşykly hereket etmegi mümkinçiligi öwrenilýän töwekgelçilikleriň biridir.

Şeýle-de bolsa, bu maglumatlar emeli aňyň häzirki wagtda öý enjamlarynyň arasynda özbaşdak ýaýrap, merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyny döredýändigini subut etmeýär. Mesele tejribe synaglarynyň netijeleri we geljekde ýüze çykyp biljek howpsuzlyk töwekgelçilikleri bilen baglanyşyklydyr.