Türkmenistanyň tanymal arheology, orta asyr keramikasy boýunça ýöriteleşen alym Nurgözel Bäşimowa 80 ýaşynyň toýuny belledi.
Ýubileý mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda dabaraly ýygnak geçirildi. Bu ýerde alymyň kärdeşleri we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri ony şanly ýaş toýy bilen gutlap, köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijeli ylmy işleriniň milli taryhy öwrenmekde eýeleýän ornuna ünsi çekdiler.
Nurgözel Bäşimowa 1972-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, zähmet ýoluna Taryh institutynda başlaýar. Meýdan arheologiýasy boýunça ilkinji halypalary belli arheologlar Egen Atagarryýew hem-de Galina Pugaçenkowa bolupdyr.
Alym öz ylmy işjeňliginiň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki köp sanly gadymy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdy. Şährislam, Dehistan, Köne Nusaý, Gadymy Merw we Paryzdepe ýaly taryhy ýadygärlikleri öwrenmekde hem onuň uly tejribesi toplandy. Şeýle-de alym halkara arheologik ekspedisiýalar bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Orta asyr keramikasyny öwrenmek Nurgözel Bäşimowanyň ylmy işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ol bu ugurda diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýada-da tejribeli hünärmenleriň biri hökmünde tanalýar.
Alym ylmy işleri bilen bir hatarda ylmy-publisistik ugurda hem netijeli zähmet çekip, birnäçe monografiýanyň awtory boldy.
Ylym ulgamynyň ösüşine goşan uly goşandy üçin Nurgözel Bäşimowa «Gaýrat» we «Magtymguly Pyragy» medallary bilen sylaglandy. Onuň köpýyllyk ylmy döredijiligi türkmen arheologiýasynyň ösdürilmegine we taryhy-medeni mirasyň öwrenilmegine möhüm goşant goşdy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.