
«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary gaz känlerinden uglewodorod çig malyny çykarmak, tebigy gazy gaýtadan işläp, içerki hem-de daşarky sarp edijilere ýetirmek boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylan 2026-njy ýylyň her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Ýokary önümçilik görkezijileriniň gazanylmagynda müdirligiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň edara-kärhanalarynyň gazçylarynyň mynasyp goşantlarynyň bardygyny aýtmak hem diýseň ýakymly. Kärhananyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumy indi on dört ýyla golaý wagtdan bäri baýlyklar mesgeni bolan «Galkynyş» gaz käniniň tebigy gazy kükürtden arassalaýan senagat kärhanalaryny önümçilik üçin gerekli arassa suw bilen bökdençsiz üpjün edip gelýär. Dostlukly döwlet bolan Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýasynyň hünärmenleri bilen türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan bu kärhana iň kämil tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylandyr. Munuň özi suwy bildirilýän talaplara laýyk ýokary hilli arassalap, sarp edijilere bökdençsiz ýetirmeklige şert döredýär. Toplumda önümçilik wahtalaýyn usulda guralyp, bu ýerde hünärmenleriň, işçileriň ýetmişden köprägi döredijilikli zähmet çekýär. Kärhananyň önümçiliginde ýeterlik iş tejribesini toplan hünärmenler desgadaky ýokary tehnologiýaly enjamlary ussatlyk bilen dolandyrýarlar. Garagum derýasynyň dört ýüz ýigrimi birinji kilometrliginden gözbaşyny alýan getiriji akaba arkaly suw ilki göwrümi elli dört müň kub metr suwy saklamaklyga niýetlenilen howdana öz akymy bilen akdyrylýar. Desgalar toplumynyň birinji göteriji nasos ulgamynda sorujylaryň tutuş toplumy oturdylypdyr. Şol enjamlaryň kömegi bilen suw her biriniň göwrümi dört ýüz ýigrimi kub metr bolan iki sany ilkinji çökündi howuzlara akdyrylýar. Şu howuzlarda suw belli bir derejede tebigy usulda arassalanylýar. Soňra suw düzümindäki gyrmançalardan kaogulýantyň ýa-da himiki birleşmäniň kömegi bilen ilkinji gezek arassalanylýar. Suwy gyrmançadan arassalamakdaky tehnologik işleriň ýene-de bir tapgyry kärhananyň birinji aralyk göterijisinde oturdylan süzgüçleriň kömegi arkaly amala aşyrylýar. «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynda tehnologik talaplara laýyk arassalanylýan suw şu ýerdäki her biri bir ýarym müň kub metr suw saklamaklyga niýetlenilen üç sany çelekde toplanylýar. Soňra taýýarlanylan arassa suw göwrüminiň diametri 630 millimetr bolan polat turba arkaly üçünji ýygnaýjy we toplaýjy bekede ugradylýar hem-de sarp edijilere ýetirilýär. Desgalar toplumyndan, taslama kuwwatlygyna laýyklykda, her gije-gündizde arassa suwuň on sekiz müň kub metri ugradylýar. «Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň giňden toýlanyljak ýyly bolan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylmagy kärhanamyzyň hünärmenlerinde, işgärlerinde täze zähmet galkynyşyny döredip, olary has-da tutanýerli işlemeklige ruhlandyrdy. Tejribeli hünärmenlerimiz, halypa işgärlerimiz önümçilikde zähmet göreldesini görkezip işleýärler. Olardan uly mehanik Atajan Baýramowyň, nasos stansiýasynyň maşinisti Sapargeldi Geldiýewiň, nasos stansiýasynyň slesary Maksat Çaryýewiň, gatla desgasynyň operatory Myratdurdy Hallyýewiň, hlor gurluşynyň operatory Suhan Öwezowyň we beýlekileriň çekýän döredijilikli zähmeti şunuň aýdyň mysalydyr» diýip, «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň başlygy Begenç Annamuhammedow gürrüň berýär.
Keywords