Russiýanyň «Arsenal» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti türkmen öndürijilerine we telekeçilerine pomidor hem-de beýleki miwe-gök önümlerini Russiýanyň bazaryna eksport etmekde gümrük we hukuk ugurlary boýunça toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýa bäş ýyldan gowrak wagt bäri gümrük hyzmatlary bilen meşgullanyp, eksport-import amallaryny utgaşdyrýar we türkmen telekeçileriniň rus hyzmatdaşlary bilen durnukly söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagyna ýardam berýär. Bu barada «Türkmenportal» neşiri habar berýär.

«Arsenal» kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri oba hojalyk önümlerini Russiýa getirmek bilen bagly çäklendirmeler ýüze çykanda hukuk taýdan goldaw bermekden ybaratdyr. Eger import ediji degişli çäklendirmeleriň girizilen kompaniýalarynyň sanawyna goşulan bolsa, hünärmenler kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde bu çäklendirmeleriň ýatyrylmagy bilen bagly işleri alyp barýarlar. Şeýle hyzmatlar telekeçilere öz işewürlik bähbitlerini goramaga we Russiýa önüm iberilmegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, pomidorlary Russiýa eksport etmek möwsümleýin çäklendirmeler, şeýle-de Russiýanyň Oba hojalyk önümlerine gözegçilik gullugynyň we fitosanitar gözegçilik edaralarynyň goşmaça talaplary bilen baglanyşyklydyr. «Arsenal» bu meseleleriň kanuny ýollar arkaly çözülmegine ýardam berýär.

Kompaniýa türkmen pomidorlarynyň we beýleki miwe-gök önümleriniň Russiýanyň islendik sebitine iberilmegini «açardan-açara çenli» ýörelgesi boýunça utgaşdyrýar. Hyzmatlaryň hataryna oba hojalyk önümleriniň gümrük resmileşdirilmegi, taraplaryň arasyndaky töleg amallarynyň bank arkaly alnyp barylmagy, gözegçilik edaralarynyň çäklendirmeleri we fitosanitar talaplary boýunça hukuk kömegi, şeýle-de Russiýanyň söwda ulgamlaryna önüm iberilmegini guramak we lomaý alyjylar bilen şertnamalary baglaşmak girýär.

Russiýanyň bazaryna çykmak türkmen öndürijileri üçin önümlerini ýerlemegiň çäklerini giňeltmäge we uzak möhletleýin işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik döredýär. Toplumlaýyn goldawyň bolmagy öndürijilere resmileşdiriş, töleg we gözegçilik edaralary bilen işleşmek ýaly meseleleri hünärmenlere ynanyp, esasy önümçilik işlerine üns bermäge şert döredýär.

«Arsenal» kompaniýasy bilen +7 996 996 61 90 (Russiýa) we +993 63 27-83-33 (Türkmenistan) telefon belgileri ýa-da yus_artyk@mail.ru elektron poçtasy arkaly habarlaşmak bolýar. Kompaniýanyň edarasy Moskwa şäherinde ýerleşýär.