2026-njy ýylyň 26–28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde geçirilen 2-nji Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy. Çäre Pusan şäheriniň häkiminiň çakylygy boýunça guraldy.
«Ýerli syýahatçylyk: şäher ykdysadyýeti bilen syýahatçylyk innowasiýalarynyň arabaglanyşygy» atly şygar astynda geçirilen sammite 16 ýurtdan 31 şäheriň wekilleri, halkara guramalaryň, bilermenler jemgyýetiniň we syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
26-njy oktýabrda häkimleriň «tegelek stol» görnüşindäki duşuşygynda Rahym Gandymow Aşgabadyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Ol paýtagtyň Türkmenistanyň ak mermerli şäheri hökmünde özboluşly keşbini, halkara çäreleri geçirmekdäki ähmiýetini we taryhy-medeni baýlyklaryny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklerine aýratyn üns berildi.
Aşgabat şäheriniň häkimi şäherleriň arasynda syýahatçylyk, medeni alyş-çalyş we bilelikdäki çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklipleri öňe sürdi. Ol sammite gatnaşyjylary Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.
Şol gün Rahym Gandymow Pusan şäheriniň häkimi Çon Je Su bilen duşuşdy. Gepleşiklerde iki şäheriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, syýahatçylyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlar boýunça tejribe alyşmak hem-de medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
27-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti ýerli syýahatçylygy ösdürmek we Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk bazarlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meselelerine bagyşlanan ýörite mejlise gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Aşgabadyň döwrebap infrastrukturasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri we syýahatçylyk üçin özüne çekiji ýerleri barada maglumat berildi.
Sammitiň çäklerinde geçirilen «Global City Tourism Roadshow» atly halkara sergide Türkmenistan aýratyn diwarlyk bilen çykyş etdi. Onda ýurduň taryhy we medeni mirasy, milli däp-dessurlary hem-de Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy.
Pusandaky halkara duşuşyk Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmak, şäherleriň arasynda tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.