Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda önümçilikde oňyn netijeleri gazandy. Hasabat döwründe kärhanada öndürilen gurluşyk serişdeleriniň we ýerine ýetirilen işleriň umumy bahasy 16 million manada golaýlady.

Welaýatyň iri gurluşyk kärhanalarynyň biri bolan zawod sebitde alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny zerur önümler bilen üpjün edýär. Ýanwar–oktýabr aýlarynda kärhanada 21 müň kub metrden gowrak ýygnama demirbeton önümleri öndürilip, degişli gurluşyk meýdançalaryna iberildi.

Netijede, kärhananyň önümçilik görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105 göterime ýetdi. Bu ösüşde önümçilik işlerine döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki binýadyň yzygiderli kämilleşdirilmegi we işleriň netijeli guralmagy möhüm ähmiýete eýe boldy.

Häzirki wagtda zawodda gurluşyk pudagynyň talaplaryna laýyk gelýän 20-den gowrak görnüşli önüm öndürilýär. Önümleriň dürli görnüşleriniň taýýarlanylmagy welaýatda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

«Demirbetonönümleri» zawodynyň önümçilik kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagy Daşoguz welaýatynda gurluşyk işleriniň öz wagtynda alnyp barylmagyna we gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligiň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.