29-njy iýulda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hytaý Halk-azat ediş Goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Si Şumin gatnaşdy.

Türkmen tarapyndan kabul edişlikde Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary, Baş dolandyryş müdirliginiň başlygy, polkownik Begmyrat Soltanow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Goranmak ministriniň — Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we ýurduň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan Hytaý Halk-azat ediş Goşunynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine gyzgyn gutlaglaryny ýetirdi.

Polkownik Soltanow öz çykyşynda döwletiň Ýaragly Güýçleriniň parahatçylygy, milli howpsuzlygy we ýurduň çäk bitewüligini üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Ol goşunyň söweşjeň kuwwaty bilen onuň ruhy-ahlak taýýarlygynyň harby kuwwatyň iki esasy daýanjydygyny nygtady hem-де türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini aýtdy.

Çykyşda iki ýurduň goranmak edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Harby-tehniki hyzmatdaşlyk hem-de harby bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen Hytaýyň harby-senagat toplumynyň iri kärhanalarynyň arasynda birnäçe möhüm şertnamalaryň baglaşylandygy ýatladylyp, bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma beýan edildi.

Hytaý tarapyndan HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň harby attaşesi, uly polkownik Huan Leý çykyş etdi. Ol Hytaý Halk-azat ediş Goşunynyň 1927-nji ýylda Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylygynda döredilendigini we geçen 99 ýylyň dowamynda ýurduň milli garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeländigini belledi.

Harby attaşe Hytaý bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny, amaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny nygtady hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek ugrunda bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Dabaraly kabul edişlik HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Çärä gatnaşan myhmanlara türkmen we halkara aşhanasynyň tagamlary bilen birlikde hytaý milli tagamlarynyň hem dürli görnüşleri hödür edildi.