Aşgabat şäherinde täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen çagalaryň irki ýaşdan daşary ýurt dillerini öwrenmegine we halkara bilim ulgamyna taýýarlyk görmegine gönükdirilen täze bilim merkezi işe başlady.
1-nji sentýabrda «JAHAN Bilimli Çagalar Dünýäsi» mekdebe taýýarlaýyş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu merkez Türkmenistan boýunça okuwlary doly iňlis dilinde guraýan ilkinji mekdebe taýýarlaýyş merkezleriniň biri hökmünde täze mümkinçilikleri hödürleýär.
Merkezde okuw-terbiýeçilik işleri Kembrij uniwersitetiniň irki ýaşdaky çagalaryň ösüşine gönükdirilen maksatnamasynyň ýörelgeleri we Montessori usulyýetiniň aýratyn elementleri esasynda alnyp barlar. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, okuw hem-de ösüş maksatnamalary olaryň başarnyklaryny tapgyrlaýyn ösdürmäge gönükdiriler.
Täze okuw ýyly 39 hepde dowam eder. Sapaklaryň diňe iňlis dilinde geçirilmegi göz öňünde tutulyp, okuw işlerinde Kembrij okuw kitaplaryndan peýdalanylar.
Merkeziň esasy maksatlarynyň biri çagalaryň iňlis dilini kiçi ýaşdan öwrenmegine şert döretmek bilen bir hatarda, olary geljekde halkara ölçeglerine laýyk bilim berýän mekdeplerde okamaga taýýarlamakdan ybaratdyr.
Täze bilim merkeziniň açylmagy Türkmenistanda mekdebe çenli bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini irki ýaşdan öwretmäge bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýän başlangyçlaryň biri bolup durýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.