Halkara Ozon gatlagyny goramak güni mynasybetli Aşgabatda ýaşlaryň arasynda ekologik bilim bäsleşigi geçiriler. Çärä «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilelikde guramaçylyk edýär.
Intellektual bäsleşik 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda sagat 14:00-da «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezindäki «Iş nokady» koworking merkezinde geçiriler.
Bäsleşige 15–24 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler. Gatnaşmak mugt bolup, ýerleriň sany çäklidir.
Çäräniň başynda dabaraly bölüm geçirilenden soň, intellektual bäsleşik we Ozon merkezi tarapyndan taýýarlanan wideofilm görkeziler. Esasy bäsleşikde 10 adamdan ybarat iki topar özara bäsleşer.
Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine garşy göreş, ozon gatlagyny goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we ekologik meseleleriň netijeli çözgütlerini tapmak ýaly temalara degişli dürli meseleleri ýerine ýetirerler.
Bäsleşigiň aýratynlygy tomaşaçylaryň hem işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berýän görnüşde geçirilmegidir. Eger toparlaryň biri berlen meselä jogap tapyp bilmese, jogap bermek hukugy tomaşaçylara geçer.
Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Beýleki gatnaşyjylar we işjeň tomaşaçylar hem höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar.
Guramaçylar bäsleşige 20 gatnaşyjyny we 40 töweregi işjeň tomaşaçyny kabul etmegi meýilleşdirýärler. Gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabry sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Hasaba durmak isleýänler öz adyny we familiýasyny, ýaşyny, okaýan ýa-da işleýän ýerini hem-de aragatnaşyk telefon belgisini tebigatchy.jemg@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli. Hatda gatnaşyş görnüşini anyk görkezmek zerurdyr: «Ozon – Gatnaşyjy» ýa-da «Ozon – Tomaşaçy».
Çäre barada goşmaça maglumatlary şu telefon belgilerinden alyp bolýar: +993 12 37-46-78, +993 64 26-84-32.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.