2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki Green University ýokary okuw mekdebinde ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek we tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak boýunça üç günlük sebitleýin okuw geçirildi. Çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşyp, bu ugurda ýurtda gazanylan tejribe we netijeler bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň okuwa gatnaşmagy «Aral deňziniň basseýninde köpugurly peýda gazanmak maksady bilen ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatlyga eýe bolan ekoulgamlary goramak hem-de durnukly dolandyrmak» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde amala aşyryldy.
Taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) maliýe goldawy arkaly durmuşa geçirilýär.
Sebitleýin okuwda Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hünärmenleri bir ýere jemlendiler. Maksatnamanyň dowamynda ýerleriň zaýalanma derejesini bahalandyrmak, biodürlüligi goramak we ýer baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ugurlar boýunça tejribe alyşdylar.
Okuw sapaklarynyň mazmuny, esasan, Türkmenistanda we Özbegistanda Aral deňziniň basseýninde durmuşa geçirilýän taslamalaryň tejribesine hem-de olaryň netijelerine esaslandyryldy. Bu bolsa sebitiň ekologik meselelerini çözmekde ulanylýan çemeleşmeleri deňeşdirmäge we netijeli usullary öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti ýerleriň zaýalanmagyna baha bermek we ýer baýlyklaryny durnukly dolandyrmak boýunça milli tejribesini hödürledi. Şeýle hem Lebap we Daşoguz welaýatlarynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugurlary, gazanylan netijeler barada maglumat berildi.
Sebitleýin okuw Aral deňziniň basseýninde ekologik durnuklylygy üpjün etmek üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezdi. Ýer baýlyklarynyň goralmagy, biodürlüligiň saklanmagy we tebigy ekoulgamlaryň durnukly dolandyrylmagy sebitiň daşky gurşaw meselelerini çözmekde möhüm şertleriň biridir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.